Quantcast
Channel: TH Awtorlar – Türkmenistanyň Hronikasy
Viewing all articles
Browse latest Browse all 31

Berdimuhamedowyň petigi. Propaganda antipropaganda öwrülende (Şahsy pikir)

$
0
0

Adam 60 ýaşady, prezident, ondan öň wise-premýer, ministr… TDH-nyň tassyklamagyna görä, 10 ýyl bäri Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirýär, TW-de onuň köplenç diňe açyş we ýapyş sözi eşitdirilýär, emma ol şu 10 ýylda, başga zatlardan geçen, şol ýerdäki iki sözlemi öz ene dilinde dogry aýtmagy hem öwrenmedi…

***

“Aziada” – “Aşgabat 2017” oýunlary ýa oýny geçdi, tamam boldy (ol hakykatdanam türkmenleri oýnamak we talamak üçin gurnalan oýundy!), emma ol ne Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrdy, ne-de ýönekeý türkmenleri birazajyk özünden razy etdi (sebäbi gündelik güzeranyň öňünde duran kynçylyklar, döwlet terrory güýçlenmese, gowşamaýar!). Gönüläp aýdylmaly bolsa, “Aziada” türkmenleri halys etdi, ýadatdy. Ýadawlykdan hem beter, ol milleti edil “Awaza” proýekti, Hazardaky ada, “Altyn asyr” türkmen köli proýektleri ýaly, soňky on ýyldaky gaz geçiriji, demirýol gurluşyklary ýaly, köşkler, kongres zallary, ak öýler, döwrebap obalar, ýokary amatlykly jaýlar, täze gurlan halkara uçar menzili we beýlekiler ýaly has garyp, has nalajedeýin hala düşürdi. Sebäbi, ozalky gymmatbaha we girdejisiz proýektleriň bahasyny töleýşi ýaly, “Aziadanyň” bahasyny hem halk töleýär.

Bu agyr ýagdaýyň esasynda ýurduň ilkinji we ikinji prezidentleriniň başga ýurtlaryň wekillerine has köp ynanmak, olara has köp iş, has köp pul bermek, öz halkyňa ynanmazlyk, olary samsyk saýmak, garyp, garaşly we gorkuda saklajak bolmak ‘syýasaty’ ýatyr. Ol syýasat netijesinde, hasaplamalara görä, azyndan ýarym million adam türmeden geçdi, ýene bir ýarym milliondan adam ýurtdan çykdy. Öý-ojagy ýykylan, neşekeşligiň we beýleki sosial problemalaryň pidasy bolan näçe, bilýän ýok?

Dogry, milli metbugat bu ajy hakykaty aýtmaz, tersine, öňküden hem beter nadaralyk eder, gykylyk turzar, hökümetiň akyl, mantyk gözüni gapmak üçin gurýan şowhun-şagalaňyny goldar. Ýöne bir gowy täzelik bar – indi hökümet propagandasy doly diýen ýaly özüne garşy işleýär, ‘Gahryman Arkadag’ öz makroykdysady ýykgynçylygy bilen petige geldi. Oňa indi kömek edip biljek hiç zat ýok. Hatda oppozisiýanyň ýoklugyndan, halkyň syýasy taýýarlygynyň nola getirilenliginden hem peýda boljaga meňzemeýär.

Aslynda bu ýykgynçylyk ýurduň ilkinji prezidenti S.Nyýazow tarapyndan başlananda hem petikde durdy. Emma nebit-gaz nyrhlary, ozalky sowet oba hojalyk infrastrukturasynyň hasabyna öndürilýän pagta we beýlekiler ol petigi iki onýyllykdan gowrak yza süýşürmäge kömek etdi. Şol bir wagtda ikinji prezidentiň has açgözlügi, has şöhratparazlygy we oýnatgylygy ogurlyk-parahorluga has giň ýol açmagy bu petige barýan ýoly has gysgaltdy.

Berdimuhamedowdan tapawutlylykda, S.Nyýazow, belki-de, öz oýnaýan oýnunyň nähili howpludygyna azda-kände düşünýärdi we şu sebäpden çagalaryny öňünden ýurt daşyna çykardy. Ol sowet kadrydy, sowet düzgüni bilen prezident bolup biljekdi. Şu sebäpdenem ol sowetleriň merkezleşdirilen ykdysady dolandyryşyny saklap, azat bazar gatnaşyklaryna geçilmegini mümkin boldugyça gijikdirmäge, kommunist-bolşewik ýörelgesini bir partiýanyň däl, bir adamyň hökmürowanlygynda uzaltmaga çalyşdy. Ol munuň üçin, elbetde, sowetleriň ulanan usullaryny ulandy, adamlara ne ýeri, ne suwy, ne başga zady berdi, şeýdibem olary sowet döwründäki ‘sen işlän bol, men tölän bolaýyn’ ýagdaýynda galdyrdy, gyrp-çyrp, ogurlyk, para medeniýetine ymykly çümdürdi.

Elbetde, bu medeniýet adamlary dymma, gorkak we müýnli edýärdi we Nyýazowa hem hut şu gerekdi.

Bolşewik-kommunistler häkimiýet başynda diňe ideologiýa, ‘ähli ýurtlaryň ýoksullaryny birleşdirmek’, deňlik, adalat wagzy bilen däl, eýsem soňsuz terror, yzy kesilmeýän repressiýa bilen saklanypdylar. Ol repressiýa halka täze durmuşa böwet bolýan zyýanly elementlere, könäniň galyndylaryna garşy göreş hökmünde satylypdy.

Türkmen repressiýasy halka ‘altyn asyr’, ‘bagtyýarlyk we berkararlyk eýýamy’ hökmünde satylýar. Olary ‘Oguzhan’ ertekisi, türkmeniň ‘beýik’ taryhy bilen aldan bolýarlar. Emma akly-huşy bar adam uniwersitet gutarmasa-da bilýär, ertekiden we ‘beýik’ taryhdan saçak dolmaýar.

Uzak gürrüňi gysgaltsak, türkmen hökümeti 26 ýylda ikinji gezek halky açlygyň gyrasyna alyp geldi. Birinji açlyk 1990-njy ýyllaryň başynda bolan we S.Nyýazowyň Rafsanjany doganynyň kömek-goldawyna daýanyp çykan açlygy: ýurtda çörek tapmak uly problema bolupdy!

G.Berdimuhamedow şu ýyl galla planynyň dolmandygyny boýun aldy we muňa elinden gelýän ýeke-täk çäre – käýinç we işden aýyrmak bilen çäre gördi. Onuň, geçen on ýylyň tejribesinden görnüşi ýaly, käýinç bilen işden boşatmakdan, boş çäreleri guramakdan başga hiç bir bilýän zady ýok. Bu hem oňa S.Nyýazowdan miras galdy.

Ýöne bu çäresizlik çäresi türkmen kadrlaryny mümkin däl derejede çüpretdi. Aýdaly, işden aýrylýan häkimiň ýa ministriň, başlygyň ýerine onuň orunbasary işe bellenýär we bu ýagdaý 26 ýyl bäri tiz-tizden gaýtalanýar. Beýle tizlikde çalşyrylýan kadrlaryň ýerine ösen, bilim sistemasy has kämil ýurtlarda hem kadr ýetişdirmek mümkin däl. Has-da beteri, Türkmenistanda soňky 20 ýylda kadrlar köplenç iş başarnygy, prinsipiallygy esasynda däl, eýsem adamyň şahsy wepalylyk, kaýyllyk, tabynlyk sypatlary esasynda seçilýär.

Netijede, ýurduň nebit-gazdan soň altyn pul getirmek mümkinçiligi bolan ähli pudagy çökerildi. Ýöne mundan ozal Nyýazowyň-da, Berdimuhamedowyň-da bilim, saglygy saklaýyş pudaklarynyň çökmeginde uly ‘iş’ bitirendigini bellemek gerek! S.Nyýazow öz döwründe entek ekilmedik pagtany birnäçe ýyl öňünden Ahmet Çalyk ýaly biznesmenlere satyp, gaz girdejisinden ogurlan puly bilen oňman, pukara daýhanlaryň jübüsine hem el urýardy.

Üstesine, Nyýazow öz işini açjak, gurplanjak bolýan, diýmek, döwlete has kän salgyt tölejek adamlara hem bütin döwlet maşyny bilen bilelikde garşy durýardy, olary yzarlaýardy, gysýardy, köpçülikleýin talaýardy. Bu ‘medeniýet’ netijesinde, ýolbaşçy gatlak indi 26 ýyl bäri talaňçylyk esasynda ýaşaýar, ýagny döwlete tölenmeli salgyt köp ýerde döwletden aýlyk alýan ygtyýarly, kanunlaşan talaňçylaryň jübisine, olardan ýokarkylaryň jübisine gidýär. Bu ýurtda altyn ýumurtga guzlaýan gazyň – salgyt sistemasynyň tas ölüm halyna salynmagyna getirdi (göz öňüne getiriň, 26 ýylyň dowamynda her ýyl sallançakda boglan müňlerçe telekeçiniň bolmanda ýarysy aýak üstünde galan bolsa, döwlete bu gün näçe salgyt tölärdi, näçe iş ýeri bolardy?).

Bu günki gün Berdimuhamedowyň ýadyna salgyt düşýär, importy azaldyp, eksporty köpeltmek düşýär, ýokary hünärli işçileri ýetişdirmek, ýokary aýlykly iş ýerlerini döretmek düşýär, emma ol bularyň diňe söz, käýinç ýa berk käýinç, berk tabşyryk ýa ‘birnäçe anyk görkezme’ bilen bitýän zatlar däldigine düşünmeýär. Iň erbedi, ol 26 ýyl garyp düşürilen daýhanlardan, tozdurylan obalaryň, etraplaryň, regionlaryň halkyndan olary ölmez-ödi ýagdaýda saklap gelen zatlar üçin hem salgyt almakçy. Göz öňüne getiriň, bu karar sosial ýeňillikleriň ýatyrylýan, işsizligiň has köpelýän we durmuşyň has gymmatlaýan wagtynda kabul edilýär.

Berdimuhamedow Nyýazow komandasyndaky iň gowşak, ‘çorbanyň çorbasy’ diýilýän kadrlaryň biridi, ony Nyýazow repressiýasyndan aman galdyran zat hem şu bolsa gerek. Emma Berdimuhamedow Nyýazow repressiýasyndan diňe aman galmady, eýsem şol repressiýanyň esasy sütünleriniň biri – prezidentiň gorag gullugynyň başlygy Akmyrat Rejebowyň kömegi bilen prezident hem boldy. A.Rejebow Nyýazowyň iň gowşak kadryny prezident edip, ornunda galjakdy, emma bu göçüm diňe prezidentiň janpenasyna däl, tutuş türkmen halkyna gymmat düşdi: ‘Gahryman Arkadagyň’ jany sag bolsa, bolşewiklerden gaýdan, Nyýazowyň işsizlik-neşekeşlik-döwlet korrupsiýasy-sowatsyzlyk syýasaty bilen kuwwatlandyrylan repressiýa doly güýjünde we mundan aňryk has rehimsiz dowam etdiriler.

Ýok, kelte düşünmäliň, bu diňe korrumpirlrenen ownukly-irili resmileriň ýa iki-ýeke hökümet tankytçysynyň däl, eýsem eýýäm görşümiz ýaly, hökümete ygrarly biznesmenleriň, hatda toý bagşylarynyň hem yzygiderli ‘arassalaýyşa’ düşjekdigini aňladýar.

Köplere mälim bolşy ýaly, Nyýazow kadrlary iş başarmanlygy üçin däl, aýagynyň ýer tutmazlygy üçin çalt-çaltdan çalşyrýardy. Berdimuhamedow hem şeýle akyldan ugur alýar. Olar iş adamlarynyň hem, türkmen bolsa, aýagyny ýer tutdurmaly däl diýip pikir edýärler. Sebäbi aýagy ýer tutan türkmen has köp azatlyk islär we potensial garşydaşa öwrüler öýdüp gorkýarlar.

Bu gorky, siňe seretseň, Türkmenistan garaşsyz ýurt bolaly bäri türkmen kadrlary ‘gyldan inçe syrat köprüsi’ bolup dur. Ýokaryk, wezipä ymtylmasaň, iň aşakdakylara, çem gelene aw bolýarsyň, polisiýa ofiserleri ýa iň kiçijik başlyklar depeleýär, ýokary galsaň – ýene we ýene ýokary galmaly, şol bir wagtda-da öňde hemişe uly basdaşlyk, alym-berim… we ýa türme garaşýar.

Bu ýagdaýda prezidentden ýa başga birinden işe, reforma garaşmak ýöntemlik, her kim saklanjak bolýar we munuň üçin islendik serişdäni ulanýar. Netije bolsa häzirki görýän ýagdaýymyz – hiç hili düzgün, oýun kadasy ýok: baş başlyga wepaly bol, bolma, ‘gerek deregi ýykar’ – gezek gelende bir bahana bilen bortdan zyňylmaly, gitmeli. Bu şu wagta çenli şeýle boldy we indiden soň hem birden oňatlyga tarap üýtgemez.

Bellemeli bir aýratynlyk, Nyýazow döwründe aýagy ýer tutan resmileriň bir topary ilkibaşda içerki sürgün-beýleki bilen ogurlan baýlyklaryny we kellelerini ‘aman sakladylar’. Emma soň Nyýazow öz baýadan baýlarynyň köpüsini çykyp bolmajak çukura gapgardy we muny gizlemän etdi. Emma Berdimuhamedow döwründe gyrakladylan resmileriň köpüsiniň soňky ykbaly belli bolman galýar.

Berdimuhamedowyň dolandyryşynda häzir Nyýazowyň uly, esasy ‘arassalaýyş’ geçiren döwri, ýagny nobatdaky potensial garşydaşlardan dynmak pursaty gelene meňzeýär. Sebäbi ol hemme taraplaýyn abraýdan gaçdy, döwleti çökerdi we krizisden çykmak üçin hiç bir pikiri ýa edip biljek zady ýok. Diýmek, ol öňkülerinden hem kän günäkär gözlemeli, ýurdy boýdan-başa gaplap alan korrupsiýada başgalary garalamaly we özüni aklajak bolmaly, bolmanda ýerine geçip biljek adamlary ýok edip, wagt utmaly.

Berdimuhamedowy prezidentlik kürsüsine has golaý gelen adamlar üçin has howply edýän zatlaryň ýene biri bolsa, ykdysady çökgünlikden, umumy dolandyryş krizisinden başga, onuň saglyk ýagdaýy bilen bagly. Prezidentiň soňky döwürde ozal göz öňünde tutan mirasdüşeri Kerimgulyny taşlap, ogly Serdary ýokaryk galdyryp başlamagy hem şu ýagdaý bilen bagly. Ýakyn töwereginden çykan habarlara görä, prezidentiň Serdary ýokary çekip başlamagy onuň aýal doganlarynyň, ýegenleriniň arasynda hem nägilelik döretdi. Sebäbi, prezidentiň doganlarynyň we ýegenleriniň käbiriniň pikirine görä, ýurduň birinji maşgalasynyň häzirki çatak, soňy näbelli ýagdaýa gelmegine hut Gurbanguly Berdimuhamedowyň ‘fiziki we akyl taýdan gowşaklygy, ýeňlesligi we oýnatgylygy’ sebäp boldy we onuň – şeýle gowşak adamyň oglunyň döwlet atynyň jylawyny uzak saklamagyna bil baglap bolmaz.

Eger siňe syn edilse, Berdimuhamedowyň soňky bir ýylyň dowamynda öz düşen ýagdaýyny alada edýändigini görse bolýar. Ýöne ol özüne öňki prezidentden miras galan döwlet maşynynyň şemalyna humar bolup geçiren ýyllaryndan çen tutulsa, bu maşynyň näme üçin şakyrdysynyň köpelendigine we näme üçin uzak ýöremejegine düşünerden juda ýöntem görünýär. Şol bir wagtda bu onuň inersiýa boýunça ýa gorkusyndan has kän propaganda, has kän arassalaýyş we repressiýa çärelerini görmejegini asla aňlatmaýar.

Mysal üçin, Berdimuhamedow bu ýyl hem birnäçe orunbasaryny işden aýyrdy, resmi taýdan tassyklanylmadyk maglumatlara görä, olaryň arasynda işden aýrylmanka özüni heläklän-de boldy. Bu köşkdäki göreşiň nähili derejä baryp ýetendigini çaklamaga esas berýär. Şonuň bilen bir wagtda, güýç gurluşlarynyň, sud-prokuratura edaralarynyň başlyklarynyň ýokarsyndaky bulutlar hem barha garalýana meňzeýär.

Ýöne Nyýazow döwründe ozalky egindeşleriň bir topary özlerini oppozisiýa ýa garşydaş hökmünde yglan etmäge, ýurtdan çykmaga ýetişdi. Sebäbi olar dowam edýän arassalaýyşlaryň özlerini hem aýap goýmajagyny görmegi başardylar. Emma Berdimuhamedow, bar bolan maglumatlara görä, diňe ýakyn egindeşlerini däl, aýagy sähel ýer tutan biznesmenleri hem berk gözegçilikde saklaýar we olar wagtynda çäre görmese, hem malyndan-baýlygyndan, hem azatlygyndan dynmaly. Diýmek, taryh gaýtalanýar. S.Nyýazowyň garşysyna hut öz ýakyn ýaranlarynyň, halk içinde aýdylyşy ýaly, Türkmenbaşynyň baýlarynyň baştutanlygynda dörän oppozisiýa hem hut şunuň ýaly şertlerde herekete geçipdi (Ýöne olaryň Nyýazowyň kommunist-bolşewik tejribesini äsgermezlik edip, oňa potensial garşydaşlarynyň köpüsinden dynmaga örän gowy, elin kömek edendiklerini hem boýun almaly!).

Dogry, eger-de Berdimuhamedow maý aýynda birden, wise-premýer Batyr Ereşowyň ölüminden soň yglan eden korrupsiýa göreşini, ykdysady jenaýatlara garşy ‘haçly ýörişini’ öz potensial garşydaşlaryndan ymykly dynmakda ýeterlik derejede peýdalanyp bilse we saglygy mümkinçilik berse, ýene bir ýedi ýyl saklanar (Nyýazow potensial garşydaşlary bilen göreşip, dynç alyp bilmän, uzaga çeken tutluşykda saglygyny ýitiripdi!).

Türkmenistandaky korrupsiýa we onuň häzirki ýeten derejesi we ýaýrawy Berdimuhamedowyň dolandyryşynyň şeýle çalt petige gelmeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Ýöne ilki özüň korrupsiýa döwlet derejesinde giň ýol açyp, maşgalaň we töweregiň bilen onuň başyny çekip, ähli pudakda ogurlyga, ýalançylyga esas we baza döredip, sowatsyzlygy çuňlaşdyryp, metbugaty ýok edip, soň birden korrupsiýa garşy göreşip bolanok. Muny Berdimuhamedow hem, onuň indiki ýok etmeli adamlary, şol sanda häzirki güýç gurluşlarynyň başynda duranlar hem bilýär.

Ýene bir bilinýän zat bolsa, türkmen hökümetinde ýokary wezipelere dyrmaşanlar bu ýere tötänden gelen adamlar däl, bilip gelen adamlar. Olar başlygyň öňünde ýöne ýere, höwes edip ýa ony hakykatdanam sylap dyza çökenoklar. Dogry, olar gorkýarlar, ýöne töwekgellikden, bagt synap galmakdan, baýajak bolmakdan gorkmaýarlar. Şol bir wagtda-da olar öz gorkaklyklary bilen gorkunç, howply. Sebäbi olar kemsidilmäni we mertebesiniň depelenmegini içine salýan, amatyna garaşýan, diýmek içi arly, öçli adamlar.

Berdimuhamedowyň töwereginde bu hili öçli adam, gör, näçe? Olaryň iň tejribelisi daşary işler ministri, soň IIM-iň başlygy we beýlekiler. Berdimuhamedow üçin meseläniň iň bir çatak ýeri hem ol adamlaryň köpüsiniň özünden has ýaş bolmagy, şonuň bilen bir wagtda olaryň özlerinden öňkülere näme bolandygyny bilmegi ýa-da bilmäge, bu barada pikir etmäge mejbur bolmagy. Onsoň olaryň hemmesiniň öz gara başynyň aladasyny, çagalarynyň aladasyny etmegi tebigy zat. Bu alada, çagalarynyň öňündäki borç olary diktatora irde ýa giçde ol ýa-da beýelki görnüşde hökman garşy durmak, ony gaty ýigrenmek gutulgysyzlygyna alyp gelýär.

Öz töwereginde yzygiderli ýagdaýda döredýän duşmanlaryndan başga, Berdimuhamedow indi, sosial ýeňillikleri ýatyrmak karary bilen, S.Nyýazow döwründe mugtçulyk duzagyna salnan garyp köpçüligiň hem gözünden ymykly düşýär. S.Nyýazow ýönekeý halky bolmanda söz, üç açarly etmek, ikinji Kuweýt bolmak, dünýäde gaýşaryp gezmek wadalary bilen aldaýardy, Berdimuhamedowyň bolsa halkyň öňünde iki agyz adam ýaly gürrüň etmäge hem ýagdaýy ýok.

10 ýyl az möhlet däl. Döwlet başynda oturan adamyň intellektual ýagdaýyny, düşünje-dünýägaraýyş derejesini diňe döwlet habar agentliginiň, telewideniýäniň redaktorlary ýa köşkdäki ideologlar däl, indi juda köp adam bilýär. Ýogsa, prezidentiň ‘geçirýän’ ýygnaklaryny telewideniýede görkezenlerinde, ‘milli lidere’ derek köplenç diktor gürleýär. Emma kesilmän ýa kesilip, prezidentiň mejlisde aýdan sözi hökmünde efire berilýän gysgajyk jümlelerden hem onuň ýat tutan sözlerini dogry-düzüw aýdyp bilmeýändigi, basym bermeli ýerde basym bermän, basym düşmeýän ýere basym berip, sözüň-de, sözlemiň-de maynysyny bozýandygy görünýär.

Şeýle-de, aýdýan sözleriniň äheňi bilen şol sözleri aýdýan wagtyndaky ýüz-göz hereketlerini synlasaň, onuň özüne ýazylyp berlen sözleriň – öz agzyndan çykýan zatlaryň manysyna düşünmeýändigi ýa düşünjek hem bolmaýandygy belli bolýar.

Munuň üstesine, döwlet baştutanyna ýazylyp berilýän sözleriň many-mazmuny hem öwerlik däl. Muňa göz ýetirmek üçin onuň soňky on ýylda geçiren mejlislerinde sözlän sözleriniň tekstlerini, beýleki ýazgylaryny, TDH teswirlerini okap görmek ýeterlik.

Birinjiden, prezidentiň ýygnaklarda edýän çykyşlary ýa aýdýan sözleri ilki rus dilinde, özem sowet döwründe bilim alan we bazar ykdysadyýeti, umuman ykdysadyýet, syýasat, sosial durmuş meseleleri, 1991-nji ýyldan soňky durmuş reallyklary, döwrüň talaplary barada kän zat bilmeýän köşk adamlary tarapyndan ýazylýar (olar soň türkmençä ýaramaz, juda erbet terjime edilýär!). Olar ozaly şu sebäpden durmuşdan örän üzňe we Berdimuhamedowyň türkmençesi, okaýşy bilen hasam diňleýjileri özünden itýär, hiç kimi hiç zada ynandyrmaýar.

Ikinjiden, prezidente ýazylyp berilýän sözleriň awtorlary bilen TDH-nyň we telewideniýäniň redaktorlarynyň diletantlygy, ýagny prezidenti her mejlisde ýurtdaky hemme mesele barada ‘gürledip’, edil şol bir wagtda-da hiç bir mesele barada düýpli-degerli ‘gürletmezligi’ resmi mediada ‘gahryman arkadag’ diýilýän adamyň il arasynda derrew tanalmagyna we döwlet başyna gelen ilkinji ýyllarynda ‘boş baklaşka’ adyny almagyna sebäp boldy.

Indi şol ‘boş baklaşka’ olary ýene bir ýedi ýyl ‘arassalamaly’, aňyrsy gelmeýän kemsitmelere sezewar etmeli we hatda bolanja zadyny satyp, ýurtdan gitmäge hem ýol bermän saklamaly.

Eýsem türkmenler bu ajy hakykata, öz düşen agyr ýagdaýlaryna, soňsuz repressiýa we talaňa düşünmez ýaly samsykmy? Olaryň adam sany, maly tükeniksizmi? Elbetde, ýok. Ýa türkmenler bisowatmy, ýeterlik bilimli, giň düşünjeli adamlary ýokmy? Gynansak-da, hawa, bu şeýle görünýär. Has anygy, bu öňräkden, ozaly çarwaçylykdan, soň SSSR-iň pagta salgydyndan gelýär. Häzirki zaman türkmenleriniň aglabasy oba ýerlerinde, mekdebe derek köpräk gowaçaly peliň içinde ulaldy we köplenç ýokary bilim däl, diplom almak bilen çäklendi. Bu dert – diplom keseli garaşsyzlyk ýyllarynda hasam beterledi we milleti bary-ýogy 26 ýyl içinde fiziki we ruhy manysynda hakyky/real ölüm pellesine getirdi. Megerem şondan, olar 26 ýyl bäri erksiz, aglaba garyp we doly gulçulyk ýagdaýynda ýaşaýarlar.

***

Adam 60 ýaşady, prezident, ondan öň wise-premýer, ministr… 10 ýyl bäri Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirýär, TW-de onuň köplenç diňe açyş we ýapyş sözi eşitdirilýär, emma ol şu 10 ýylda, başga zatlardan geçen, şol ýerdäki iki sözlemi öz ene dilinde dogry aýtmagy hem öwrenmedi (Hormatly Ministrler kabinetiniň agzalary, biz şu gün Ministrler kabinetiň (kabinetiniň – red.belligi) nobatdaky mejlisini geçirýäris. Mejlisde, däp bolşy ýalak, käbir resminamalaryň taslamalaryna (serederis – red.belligi), şeýle hem ýurdumyzyň durmuşa (durmuşyna – red. belligi) degişli birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarys.).

Hawa, ol indi on ýyldan gowrak bäri Ministrler kabinetiniň mejlislerini geçirýär. Ýok, ol hiç bir mesele çözmeýär, diňe wagt geçirýär, türkmeniň wagtyny ogurlaýar, bagtyny ogurlaýar, sebäbi onuň hiç bir mesele çözmäge akyly ýetmeýär, ukyby ýok. Ol prezidentlik ýykgynçylykly kontraktlara gol çekmek, adamlary aldan, oýnan bolmakdyr öýdýär. Bu-da hemmesi däl. Ol özüni oglan-oglanjykdyr öýdýär, täze köýnek geýse-de, tigir ýa at sowgat berseler hem, derrew ylgap ekrana çykýar, adyndan bolgusyz kitap ýazyp berseler – gülerler diýenok, güp ynanýar, kitap ýazan kişi bolýar, reňke çümüp, ýaş görünýändirin öýdýär, suratlaryny fotşop etdirip, owadan bolýar, beýleki edýän işleri hem şoň ýaly, sebäbi ol oturan wezipesi näme, il-ýurt garamaty näme, jogapkärçilik näme, bu zatlary bilmeýär.

Emma bu diňe onuň günäsi däl, ony depesine çykaran adamlaryň hem günäsi. Oňa ilki türkmen Hruşewi bolar öýtdüp inçejigem bolsa tama edenleriň günäsi. Emma indi millet onuň yzly-yzyna, nobata durzup ýok edýän ministrlerinden biriniň Hruşew ýa Sakaşwili bolaryna garaşýar, özüni aldaýar. Dogrusyny aýdalyň, Türkmenistany 26 ýyllap ösdürmän, yzagalaklykda we çig mal bazasy edip saklan diňe Nyýazow, Berdimuhamedow däl, olaryň güýç gurluşlary we satlyk media däl, biziň hemmämiz.

Arslan Baba, Aşgabat, sentýabr, 2017.


Viewing all articles
Browse latest Browse all 31